- uýmak
- işlikBiriniň yzyna eýermek, boýun egmek, tabyn bolmak, ynanmak, yrylmak.∙ Mämmetweli hoja hemişe Halnazara uýup gelýän bolsa, Halnazar häzir oňa uýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Janym, tenim bilen uýýaryn oňa. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem uýmak - uýdum, uýduň, uýupdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.